Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 20.05.2022
2565

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistan Gazagystan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy dostlukly ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Gazagystan tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler hem-de guralýan giň gerimli medeni çärelere işjeň gatnaşylmagy ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.

Gazagystanyň Hökümetiniň Başlygynyň birinji orunbasary döwlet Baştutanymyza deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine öňdengörüjilikli çemeleşýändigi, sebit görnüşinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigi üçin hoşallyk bildirip, amala aşyrylan hem-de täze, bilelikdäki möhüm taslamalaryň ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de goňşy halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow