Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady
Çap edildi 10.06.2022
1522

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady.

Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýdy.

Häzirki döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, döwletara gatnaşyklarynyň milli bähbitleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygyna esaslanýan täze görnüşini ýola goýýarlar.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde ösdürilýän netijeli syýasy gatnaşyklar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ynama we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini maksat edinýändikleriniň hem-de taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasy» görnüşi hem özüniň netijeliligini görkezip, däp bolan söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Bilelikdäki köpýyllyk işleriň netijesinde toplanan üstünlikli tejribe diňe bir özara gyzyklanmalaryň saklanyp galýandygyny däl-de, eýsem, taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny hem görkezýär. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyga Russiýanyň aýry-aýry sebitleri, onuň iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan hem-de Swerdlowsk oblastlary, Russiýanyň demirgazyk paýtagty – Sankt-Peterburg şäheri we beýlekiler goşuldylar.

Mahlasy, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň netijeli guraly ýola goýuldy hem-de onuň çäklerinde yzygiderli esasda dürli derejelerdäki duşuşyklar, şol sanda ýokary derejedäki gepleşikler, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary, işewürlik forumlary, köpsanly medeni çäreler geçirilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Bu topar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary kesgitleýär hem-de amatly şertleri döredýär. Söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa, bilim we saglygy goraýyş, öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalygy we köpsanly beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Şu ulgamlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly, deňhukukly we ýokary derejedäki türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow