Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 14.06.2022
1411

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

“Siziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy köp ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we özüne mahsus ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň mart aýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we şonuň dowamynda hakyky dostlukly gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çuňňur gyzyklanma bildirilendigini belläp, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny geljekde-de has ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow