Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan ykdysady, ruhy we döredijilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan ykdysady, ruhy we döredijilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar
Çap edildi 26.06.2022
1577

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan ösdürilmegini, köpugurly durmuş maksatnamalarynyň amal edilmegini, deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudaga iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. “CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şonuň netijesinde türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasy taýýarlanylýar. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň kuwwatly bolmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ulag-kommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn esasda ösdürmek, multimodal gatnawlar üçin mümkinçilikleri giňeltmek hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň, Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz serişdelerini çekmegiň hasabyna, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça teklipler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda telekeçiler tarapyndan durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmäge halkara guramalardan maýa goýumlary çekmek arkaly olar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek maksady bilen, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek barada teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda şertnama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, hödürlenen teklipleri makullady we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal kabul eden Kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de “ýaşyl” energetikany döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzyň çet-gyralarynda we barmasy kyn ýerlerinde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça täze taslamalaryň aýratyn zerurdygy barada aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi.

2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary bilen geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy Watanymyzyň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin giň mümkinçilikleri açar. Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Forumyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleleriň toplumy giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmäge, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyza milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda we milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu ugurda işleriň utgaşdyrylmagyny şu Düzgünnamalara laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanynyň artdyrylmagyna, giňeldilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagyň türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýokarda agzalan maksatnama maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna dürli pudaklaryň işiniň netijeliligini, durmuş ulgamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz iri taslamalaryň has-da kämilleşdirilmegine we yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly üns berilmelidigini belläp, bu meselä giňişleýin çemeleşmegi, bu ugurda alnyp barylýan işlere içgin seljerme geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna abatlanylýan hem-de täze gurulýan läbik sorujy derýa gämileriniň ýyllyk zerurlyklaryny, buýurmalary ýerine ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek, hünärmenleri taýýarlamak we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça Iş meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz läbik sorujy gämileriň gurluşygynyň tehnologik, innowasion düzüm bölekleri we beýleki enjamlary bilen giňişleýin gyzyklanyp, olara hil hem-de bäsdeşlige ukyplylyk alamatlary boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryň, nou-haularyň çekilmelidigini aýratyn belläp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna oba hojalyk toplumynyň düzümleri bilen bilelikde bu ugurda meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalygyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. Bulardan başga-da, şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler, tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň we ýetginjekleriň dynç alşyny guramak barada hasabat berildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasynda guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmak hakynda Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna “Akademiki” hukuk derejesi berildi.

Bulardan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady hem-de degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir Buýrugyna laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, iş maslahatlaryny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýeti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherine gulluk iş saparyna ugradyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitremeler zerarly, Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Owgan tarapyna azyk önümleri, derman we arassaçylyk serişdeleri, hojalyk harytlary muzdsuz berildi.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “Gaffney Сline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralan “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara maslahat geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Nobatdaky forum utgaşykly görnüşde geçirilip, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde görkezildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň ýolbaşçylarydyr agzalary, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary onlaýn görnüşinde goşuldylar.

Maslahatda uglewodorodlary işläp çykarmagyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri, wodorod öndürmek, “ýaşyl” energetika geçmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hem-de energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, uglewodorod bazarlarynyň täze döwrüň energetikasyna geçmekde eýeleýän ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary, daşky gurşawy goramak ulgamynda milli, sebit hem-de halkara derejede amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar, şol sanda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak babatda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça duşuşyklary geçirildi.

Mary welaýatynda badalga alan Medeniýet hepdeligi umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň özboluşly ruhy mirasyny hem-de döredijilik kuwwatyny açyp görkezdi. Bu giň gerimli çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilip, döredijilik işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär.

Döredijilik gözden geçirilişiniň maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny bilen bagly mediaforum, medeniýeti ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat, göçme okuw maslahatlary, sungat ussatlarynyň we bagşylaryň konsertleri, folklor çykyşlary, hünär sapaklary, bäsleşikler, sungat eserleriniň sergileri, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri, ýazyjylar we şahyrlar, kinorežissýorlar bilen duşuşyklar, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler we köp sanly beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hili, binalaryň daşky bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle-de çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanşyp, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen bagly meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Elektrobuslaryň we elektrotaksileriň ulanylmagy täze merkeziň daşky gurşawyny goramaga goşulan saldamly goşant bolar. Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň şekil taslamalary hem-de tehniki häsiýetnamalary görkezildi. Ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, awtoulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde gurulýan pyýadalar we ulaglar üçin ýerasty geçelgeleriň hiline uly üns berilýär. Hormatly Arkadagymyz birbada 5,5 müň adama namaza durmaga niýetlenen metjidiň taslamasy bilen tanşyp, birnäçe bellikleri we düzedişleri girizdi.

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmak hem-de zerur sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň öz ägirt uly ykdysady, ruhy we döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmek bilen, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda «Galkan» topary ilkinji bolup finala çykdy
top-arrow