Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 29.06.2022
1404

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de rus Lideri mähirli salamlaşyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezident Wladimir Putin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda garşylaýandygyna şatdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki duşuşygyň Russiýanyň Lideriniň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana guran saparynyň çäklerinde geçmeginiň ähmiýetlidigini belledi. Sammit döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm hasaplanylýan geljekki ugurlaryny kesgitlemek, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça özara pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň, dürli döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli bolmagyna ýardam edýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa ilkinji resmi saparynyň bolandygy, ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilendigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Şeýle hem şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şu döwürde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça örän baý we oňyn tejribe toplanyldy.

Söhbetdeşler bu baradaky gürrüňi dowam edip, soňky ýyllarda türkmen-rus gatnaşyklarynyň parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly baýlaşdyrylýandygyny bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň adyndan russiýaly hyzmatdaşlara foruma işjeň gatnaşandyklary hem-de ähmiýetli teklipleri öňe sürendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege, şonuň ýaly-da iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow