Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 01.07.2022
2346

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Türkiýäniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu gezekki mejlisiň geçirilmegine beren ünsi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, nobatdaky duşuşygyň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk ýörelgeleri, birek-birege düşünişmek, özara goldaw bermek esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösüşiň ýokary derejesine çykdy.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara, beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Şu gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Onda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleri amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň özara bähbitli täze ugurlary boýunça hem-de beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow