Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Çap edildi 02.07.2022
4193

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar. Zyýarata gidýänler paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Ärtogrul Gazy metjidine geldiler. Bu ýerde guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we juma namazy okaldy. Soňra ýurdumyzyň zyýaratçylary paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerleşýän Hezreti Omar metjidine ugradylar. Zyýaratçylar metjitde bolmagynyň çäginde yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek babatda döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gurban baýramy döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy alamatlandyrýar. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmeginiň, aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde üns berýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmäge zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Zyýaratçylar Hezreti Omar metjidinden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Mekge-Medinä gidýän zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmegi we bu çäräniň üstünlikli geçmegi üçin sadaka berildi. Onda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegi, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her gününiň şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagy dileg edildi.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa jan saglygyny dileg edip, aýat-doga okarlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işlerde merdana halkymyza üstünlikleri arzuw ederler.

Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn! Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow