Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär
Çap edildi 05.07.2022
1876

Geçen hepdede Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen altynjy Hazar sammiti sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ähmiýetli waka boldy. Nobatdaky forum ýokary derejedäki öňki duşuşyklaryň dowamy bolup, sebitiň ýurtlarynyň Hazary dostluk we ylalaşyklylyk deňzine öwürmek ugrunda adalatlylyk, özara ynanyşmak esasyndaky hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny görkezdi.

Bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Aşgabat sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine, möhüm halkara meselelere garadylar.

Altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabada geldi. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhümdigini, şol bir wagtyň özünde munuň bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, beýleki islendik kanuna laýyk gelmeýän işe garşy bilelikde göreşmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Bu babatda döwletara hyzmatdaşlyk örän netijeli, barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr, yzygiderlilik, toparlaýyn we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralmalydyr. Bu işde diplomatik gatnaşyklara, ilkinji nobatda, Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guralyna wajyp ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Aktauda geçirilen sammitde kabul edilen Beýanatda bu ýagdaý öz beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň bu guralynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmegiň, oňa pudaklaýyn ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagy tabşyrmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde göni başlangyç çäkleri ýola goýmagyň usuly hakynda Ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz ençeme ýyllaryň dowamynda Hazarýaka döwletleriň bilermenleri tarapyndan brakonýerlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňizde gözlemek we halas etmek ulgamynda resminamalaryň üstünde iş alnyp barylýandygyny belledi hem-de ýakyn wagtda bu resminamalaryň üstünde alnyp barylýan işleriň tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamy Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary öz içine alýar. Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täsin görnüşini — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüt uly ähmiýete eýedir. Ilkinji şeýle forum 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň “Mümkinçilikleriň deňzi” diýip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi hem-de geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlara port düzümlerini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işleriň garaşýandygy aýdyldy hem-de syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz halkara işewürligiň, maliýe institutlarynyň Hazar sebitine uly üns we gyzyklanma bilen garaýandyklaryna, onuň kuwwatyna, geoykdysady gymmatyna düşünýändiklerine ynam bildirdi. Telekeçilik üçin oňat şertleri döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa, könelişen bökdençliklerden azat etmek, Hazary möhüm we uzak möhletli maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýere öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda uly we anyk maksady ynamly goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmak meselesine degip geçip, Hazarýaka ýurtlaryň uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedigini belledi. Şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň” döredilmegi wajyp mesele bolup durýar. Şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewürlik hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramagyň kenarýaka ýurtlaryň umumy möhüm maksady bolup durýandygyny belledi. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir we üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygyna berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir. Türkmenistanyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy bu ugurda bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berip, bu babatda koronawirus pandemiýasy döwründäki takyk, sazlaşykly işi nygtady. Şeýle hem medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak, syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek teklip edildi. Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meseleleri gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň sammitdäki çykyşlarynda Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary, ekologiýa, medeni-syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi. Bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça toplumlaýyn ösdürmek üçin berk binýat goýan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýada beýan edilen ýörelgelere gyşarnyksyz eýermegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmede beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň altynjy sammiti netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçdi. Bäş ýurduň Liderleriniň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal kabul edilen çözgütleriň, ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar sebitinde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Hazarda ynanyşmak çärelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmäge taýýardyklaryny hem-de berk ygrarlydyklaryny tassyklandyklary nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barmak, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek meselelerine-de garaldy.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Altynjy Hazar sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlary bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem duşuşdy. Hazarýaka döwletleriň Liderleri ikiçäk duşuşykda Gahryman Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly goşandy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” (“Altyn Kyran”) ordeni bilen sylaglanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen daşary ýurtlaryň Baştutanlary hem-de syýasy işgärler telefon arkaly gutladylar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Şol gün agşam Ak bugdaý etrabyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna meşhur sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa döredijilik sowgady boldy.

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň gysga wagtda tamamlanylmagynyň, ýygnalan hasylyň galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz iberilmeginiň we talabalaýyk saklanylmagynyň, tabşyrylan bugdaý üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny alyp, ýurdumyzyň ak bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan ekerançylara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk meýdanlaryndan rejeli peýdalanmak barada aýdyp, ekin meýdanlaryny giňeltmek we suw bilen üpjün etmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi, şeýle hem Kerkide hemişelik esasda hereket edýän suw serişdelerini dolandyryş merkezini döretmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagyň, ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de öz möhletinde tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanayi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja, “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin hasabat berip, netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi. Olar pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki işiň toplanan tejribesi bilen baglylykda, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegine üns berdiler.

27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen bellenildi. Baýramçylyk çäresi Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy. Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Dabara hormatly ýaşulular, ýazyjylar, şahyrlar, alymlar, medeniýet işgärleri, ýaşlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýadygärligiň öňündäki meýdançada Magtymguly Pyraga hem-de nusgawy edebiýatymyza bagyşlanan çeper eserleriň we çaphana önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sahnada ýaňlanan häzirki zaman aýdym-sazlar, şeýle-de hormatly Arkadagymyzyň sözlerine döredilen aýdymlar Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler barada gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Munuň özi konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Ertesi gün bu ýerde — altynjy Hazar sammitiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Baýramçylyk konsertine, hususan-da, Täjigistan Respublikasyndan Fardaws Hoşimow, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy Mari Kraýmberi, “Artik & Asti” topary, bu ýurduň Tatarystan Respublikasyndan “Jukebox Trio” topary, Tunisden Amani Suissin, Şwesiýadan Doktor Alban, Birleşen Arap Emirliklerinden Balkis, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Azerbaýjan Respublikasyndan Emin Agalarow, Türkiýe Respublikasyndan Demet Akalin, ABŞ-dan Aýkon gatnaşdylar.

Türkmen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Küştdepdi” tansynyň jadylaýjy mukamy hem-de tanslar arkaly ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hiç kimi biparh goýmady. Daşary ýurtly artistler hem türkmen kärdeşleri bilen birlikde “Küştdepdi” tansyna goşuldylar. Konsertiň ahyrynda “Arkadagly Serdara şöhrat!” atly aýdym ýerine ýetirilip, ol bu ajaýyp medeni çäräniň jemleýji bölegine öwrüldi. Onuň göwün galkyndyryjy sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanç duýgusy, Gahryman Arkadagymyzyň döreden we Arkadagly Serdarymyzyň dowam edýän ýol-ýörelgeleri esasynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine ynam beýan edildi.

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy barada habar berildi. Şeýle hem Baku şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda dostlukly döwletara gatnaşyklary saklamakda we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Halk Maslahatynyň agzalary şu ýylyň 23-24-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň XI parlament assambleýasyna gatnaşdylar. Saparyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen kanun çykaryjylyk işinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Mejlisiň dowamynda utgaşdyryjy Pudagara topary döretmek teklip edildi. Onuň düzümine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary giriziler. Toparyň wezipesi ýurdumyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmekden ybarat bolar. Şeýle hem Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynda ýerine ýetirilýän işler we onuň düzümi hakynda hasabat berildi. Geljekde bu guramanyň düzüminde düzümleýin üýtgetmeleri geçirmegiň hasabyna mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçiriş bölümleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyza “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suw ýataklarynyň ýüze çykarylandygy barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleriň täzelerini gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň welaýatlarynda önümhanalary gurmak boýunça geçirilen halkara bäsleşikleriň jemlerine laýyklykda taýýarlanan teklipler hödürlenildi.

Altynjy Hazar sammitiniň netijeleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Sammitiň dowamynda umumy bähbitlere kybap gelýän möhüm çözgütler kabul edildi. Bu duşuşygyň diňe bir sebitiň döwletleri üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli syýasy waka öwrülendigi bellenildi. Häzirki wagtda altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň öňe süren başlangyçlaryny amala aşyrmak, bu ugurda degişli işleri ulgamlaýyn we yzygiderli alyp barmak maksady bilen, teklipleri taýýarlamak, olary Hazarýaka döwletlere diplomatik ýollar arkaly ibermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde internet hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy. “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar. Bu meseläniň hukuk we tehniki ugurlary boýunça geçirilen yzygiderli gepleşikleriň netijesinde oňyn ylalaşyklar gazanyldy hem-de bu ugurda uly tejribesi bolan birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryndan teklipler gelip gowuşdy.

Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder. Ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň peýdalanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamasyny baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň serhetýaka sebitleriniň arasynda yzygiderli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky söwda merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, 2025-nji ýylda paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda”, “Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurmak hakynda”, “Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany hem-de “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmagy hakynda” Kararlara gol çekdi.

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapyndan başlygy Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, bu toparyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hem-de hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň orny bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we ony köpugurly esasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine hem-de anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirildi.

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm bolan pudaklar özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar berkidilýär. Şeýle-de türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Şol gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Geljegi nazarlaýan meýilnamalar bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek forumyň esasy meselesi boldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça iş maslahaty, duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümine degişli hünärmenlerden, daşary syýasat edarasyndan, bilim işgärlerinden, telekeçilerden, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan topar wýetnamly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolýarlar.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk döredijilik, ykdysady, ynsanperwer kuwwatyny öz halkynyň, ähli adamzadyň bähbidine gönükdirýän syýasatynyň okgunly ösüşini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow