Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň samboçylarynyň dünýä çempionatynda gazanan medallary
Sport
Türkmenistanyň samboçylarynyň dünýä çempionatynda gazanan medallary
Çap edildi 12.11.2016
2816

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty badalga aldy, “Arena Armeýes” toplumynda geçirilýän bu bäsleşiklere 80 ýurtdan türgenleriň birnäçe ýüzüsi gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde türkmenistanlylar iki medala – bir kümüş (söweşjeň görnüşi boýunça) hem-de bir bürünç (nusgawy görnüşi) medala mynasyp boldular. 100 kilograma çenli agramda biziň toparymyzyň düzüminde çykyş eden Çarymyrat Annagurbanow 20-den gowrak türgeniň arasynda ikinji orna eýe bolmagy başardy. Finala barýan ýolda ol iki gezek ýeňiş gazanyp, aýgytlaýjy tutluşykda russiýaly Mihail Mohnatkinden asgyn geldi. Bu Çarymyradyň ilkinji üstünligi däldir. Häzirki güne çenli bu türgeniň şu ýylyň ýazynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda geçen Aziýa çempionatynda eýe bolan altyn medaly onuň iň ýokary gazanan netijesidir. 90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Tejen Tejenow dünýä birinjiliginiň bürünç medalyna eýe boldy. Bu türgen şeýle hem dürli iri halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiş gazanypdy. Şol sanda Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatynda hem altyn medala eýe bolupdy. Sambo biziň paýtagtymyzda geljek ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şeýlelikde, Sofiýada geçirilýän dünýä çempionaty 13-nji noýabrda tamamlanar hem-de Türkmenistanyň taryhynda iň iri yklym derejeli toplumlaýyn bäsleşiklere taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow