Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 16.07.2022
1669

16-njy iýulda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

«Elektron hökümet hakynda» resminama ara alnyp maslahatlaşylanda bu Kanunyň taslamasynyň elektron hökümetiniň işiniň tertibini kadalaşdyrýandygy hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy.

Çykyş edenler döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmagyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär diýip, parlamentariler bellediler.

«Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolup durýan türkmen alabaýlarynyň genofonduny aýawly saklap galmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Şunuň bilen baglylykda, itçilik we kinologiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamanyň maksatlarynyň biri-de itleri ýetişdirmekde we ulanmakda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.

Mundan başga-da, deputatlar «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Milli Geňeşiň altynjy çagyrylyşynyň mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýokarda agzalan resminamalaryň hereket edýän milli kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda okgunly ösüşe gönükdirilen durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow