Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 12-nji Noýabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 12-nji Noýabr
Çap edildi 12.11.2016
1870

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Amerikan işewürleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna portland sement, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, pagta süýümi, azyklyk bugdaý ýerlenildi.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 90 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň we BAE-niň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 510 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 449 müň manatdan gowrak ýük ulagyny, “B” kysymly karbamidi hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow