Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 24.07.2022
986

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, özbek Liderini 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly baştutanlygynda Özbegistan Respublikasy ägirt uly özgertmeleri amala aşyryp, ösüşiniň täze tapgyrynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Özbegistanyň Baştutanynyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikde uly tagallalaryň edilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparyny ýatlady. Onuň barşynda gazanylan ylalaşyklar häzir mynasyp derejede durmuşa geçirilip başlandy.

Häzirki wagtda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, serhetýaka sebitleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer we ylym ulgamlarynda özara hereketler, parlamentara gatnaşyklar üstünlikli pugtalandyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeldip, döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge ikitaraplaýyn çemeleşmeleri has-da ýakynlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek üçin geljekde-de ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkynyň gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow