Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
Jemgyýet
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
Çap edildi 26.07.2022
4474

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykdy. Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy. 

Kitapdaky işlerde, şol sanda statistiki maglumatlarda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda gazanylan hem-de Watanymyzy täze sepgitlere tarap alyp barýan köpugurly üstünlikler şöhlelendirilýär. Onda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün edýän ägirt uly taslamalaryň, milli maksatnamalaryň, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda durmuşa geçirilýän syýasatymyzyň esasy strategik maksatlarynyň many-mazmuny açylyp görkezilýär.

Neşiriň sahypalarynda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçen milli we halkara ähmiýetli esasy wakalar öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň ýyl ýazgylary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününiň 25 ýyllygynyň şanly senesi ýaly möhüm syýasy waka bilen dabaralandy. Bu şanly senä Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby bagyşlandy. Eserde ýurdumyza dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýmaga ýardam berýän Bitaraplyk hukuk derejesine üns çekilýär.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat ýylyň esasy çäreleriniň biri boldy. Maslahatda türkmen Bitaraplygynyň parahatçylykly durmuşy üpjün etmekde eýeleýän ornuna dogruçyl we hemmetaraplaýyn baha berildi. Neşiriň materiallarynda 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi öz beýanyny tapdy. Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri boýunça halkyň wekilleri tarapyndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Bu hukuk resminamasyna laýyklykda, iki palatadan — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat bolan milli parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hil taýdan täze gurluşy döredildi.

Halk Maslahatynda kabul edilen syýasy çözgütler ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere täze itergi berip, döwletiň häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini ýokarlandyrmak üçin hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaraly çäreler 2020-nji ýylyň iň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Türkmen halky Watanyň azatlygy üçin şirin janyny gurban eden milli gahrymanlaryň edermenligine hem-de fronty zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşup, tylda tutanýerli zähmet çekenlere uly hormat bilen garaýar.

Beýik Ýeňiş güni ýurdumyza Gahryman Arkadagymyzyň atasy — ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy we şahsy maglumatlary gowşuryldy. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş hem-de söweş ýoly türkmen ýaşlary üçin Watana gulluk etmegiň, edermenligiň, harby we raýat borjuna wepalylygyň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär.

Dürli forumlar, duşuşyklar baradaky materiallar oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli, netijeli daşary syýasatymyzyň ynsanperwer ugurlydygyna şaýatlyk edýär. Bu forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ählumumy meseleleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlar beýan edildi.

Kitapda getirilýän işler sebitde we dünýäde bolup geçýän geosyýasy wakalara çuňňur düşünmegiň, döwletiň daşary syýasy strategiýasyny öňdengörüjilikli, oýlanyşykly durmuşa geçirmegiň nusgasydyr. Olar ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ähli materiallarda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ynsanperwer ulgamda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy ugry eriş-argaç bolup geçýär.

Umuman, neşire girizilen materiallar geljege tarap okgunly öňe barýan, şol bir wagtyň özünde müňýyllyklaryň jümmüşinden uzap gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan ýurdumyzyň içeri we daşarky syýasatyndaky wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

Senagatyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitlerde döwrebap düzümleri döretmek, halkymyzyň rowaçlygyny has-da artdyrmak döwletimizde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy maksadydyr. Bu özgertmeler ata Watanymyzyň mundan beýläkki abadançylygynyň berk binýadyny goýdy.

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitapda ýerleşdirilen materiallar nazary we tejribe taýdan gymmatly bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmelerine öwrüler.

Neşir ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyndaky ägirt uly özgertmeleri beýan etmekde, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Nobatdaky neşir ylmy-düşündiriş häsiýetli maglumatlar bilen üpjün edilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny suratlandyrýan fotohronika bilen tamamlanýar.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow