Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
Syýasat habarlary
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
Çap edildi 02.08.2022
1673

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly türgenler!

Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Bu bolsa biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýär. Garaşsyz döwletimiziň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlary eýeläp, altyn medallara hem mynasyp bolýarlar.

Türkmenistanda dürli görnüşdäki sport ýaryşlary ýokary derejede we üstünlikli geçirilýär. Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda “Amul — Hazar” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

2021-nji ýylda ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze üstünlikli sahypalar açyldy. Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça türgen gyzymyzyň gazanan kümüş medaly Türkmenistanyň sport ussatlarynyň öňünde gazanyp bolmajak üstünligiň ýokdugyny subut etdi.

Milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, mynasyp wekilçilik etmekleri ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary!

Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe türkmen halkynyň we döwletimiziň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk, sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz! Türkmen türgeni adyna mynasyp bolan sport ussatlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýurdumyza gelýän medallaryň sanawyny has-da artdyrjakdyklaryna, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy mundan beýläk-de belentde parlatjakdyklaryna pugta ynanýaryn.

Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis. Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris. Täze sport düzümlerini döretmek arkaly hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris.

Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly türgenler!

Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow