Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 08.08.2022
1639

Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýän, ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzümiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulmagy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly waka mynasybetli ýörite gurnalan bina barýar hem-de awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşýar. Bu ýerde Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurluşygynda ulanyljak kuwwatly tehnikalary-da görmek bolýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de şekil taslamalarynyň üsti bilen Diýarymyzyň halkara ulag geçelgeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Soňky ýyllarda häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmek, ýurdumyzyň yklymyň wajyp üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr gatnawlaryň işjeňleşmegine, şunuň bilen birlikde, eksport-import amallarynyň döwrüň talaplaryna laýyk amala aşyrylmagyna giň ýol açýar.

Bu ýerde goýlan şekil taslamalaryndan, kartalardan we çyzgylardan görnüşi ýaly, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurulmagy Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini artdyrar. Bu taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine ynanyldy.

Şekil taslamalarynda potratçynyň täze köpriniň gurluşygynda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy görkezilýär. Aýratyn-da, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ugurdaş desgalar barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda sürüjiler we ýolagçylar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat ediş merkezleri, awtobus duralgalary, ulaglaryň agramyna hem-de ölçegine gözegçilik etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam, yşyklandyryjylaryň, ýol belgileriniň görnüşleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidýär.

Içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen birlikde, ýük hem-de ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleriň döredilmegine ýardam berýän täze halkara ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şu maksat bilen, demir ýol, howa hem-de deňiz ýollary bilen bir hatarda, awtomobil ýollarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar we täze ýollary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek meýilleşdirildi.

Wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň döwrüň talabyna kybap derejede ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda sazlaşykly işleriň üpjün ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze köpriniň Demirgazyk — Günorta ugrunyň möhüm bölegine öwrüljekdigini, onuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli boljakdygyny belläp, gurluşyklaryň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy möhüm talapdyr.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli gurluşyklaryň kesgitlenen möhletde tamamlanmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip nygtady we wise-premýere işleriň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna girdi hem-de özi üçin ýörite bellenilen ýere geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu günki wakanyň — ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýene bir möhüm ähmiýetli desga bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagynyň taryhy ähmiýetini belledi.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny ýokarlandyrmak, yzygiderli ösdürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň döwrebap ulgamy döredilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda onuň täzeçil esasda dikeldilmeginde wajyp orun eýeleýär. Ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşi sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parasatly pederlerimiziň ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrendiklerini aýtdy we bu gün ýol-ulag düzüminde amala aşyrylýan giň gerimli işleriň şu sogaply ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýändigini nygtady.

Häzirki zamanyň barha ösýän talaplaryny nazara almak bilen, Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze, döwrebap awtomobil köprüsini gurmak maksadalaýyk hasaplandy. Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan, ikitaraplaýyn gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu desganyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, täze köpriniň ýurdumyza dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmak, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, Diýarymyzda awtomobil ýollaryny gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem göz öňünde tutulýar.

Bu giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy Ýewropadan Merkezi Aziýa, Merkezi Aziýadan Ýewropa çenli ýükleri we ýolagçylary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üznüksiz gatnatmaga has amatly şertleri üpjün eder.

Deňiz ýakasynyň hem-de Garabogazkölüň baý tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, bu ýerleriň geografik ýagdaýlaryny öwrenip, netijeli ulanmaga ýardam berer. Şeýle-de syýahatçylaryň Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen şypahana-dynç alyş desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döreder.

Bu taslamanyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze, döwrebap köpriniň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko söz berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýolgurluşyk ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýa Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak ynanyldy.

“Altkom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, düzümleýin desganyň gurluşygyna — Garabogazkölüň üstünden geçýän awtomobil ýolunyň ugry boýunça Gazagystanyň serhedine çenli barýan iki zolakly awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli geçirilýän dabara bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

A.Tislenko deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açyk bolan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna “Altkom” kompaniýasyna bildirilen ynam hem-de berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dostlukly ýurduň geljekki ykdysady ösüşine goşant goşmagyň, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümini döretmäge ýardam bermegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Daşary ýurt kompaniýasynyň ýolbaşçysy ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň daýanjy diýlip ykrar edilen ajaýyp ýurt hasaplanýan Türkmenistan bilen 2009-njy ýylda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň taryhy barada aýdyp, şu ýyllaryň içinde Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsiniň, Kerki — Kerkiçi awtomobil köprüsiniň, degişlilikde, Kerki — Ymamnazar ugry boýunça iki demir ýol köprüsiniň, Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluşyklarynyň taslamalaryny durmuşa geçirendiklerini belledi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň sebit we halkara derejede abraýly döwleti kemala getirmekde ägirt uly üstünlikleri gazanmakda öňdengörüjiligini belläp, ýurdumyza gysga wagtyň içinde iri üstaşyr ulag merkezine öwrülmegiň başardandygyny aýtdy.

Bu gün Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny — asyrlaryň jümmüşine uzaýan ýollary işjeň we üstünlikli gaýtadan dikeltmegi dowam edýär, sebitde düzümleriň özara baglanyşyklylygy, häzirki zaman awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ugurlary görnüşindäki serhetüsti ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

A.Tislenko Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli işlere gönüden-göni gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de dabara gatnaşyjylara nobatdaky möhüm düzümleýin desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Ol täze awtomobil köprüsiniň tehniki häsiýetnamalary hem-de ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, goňşy ýurtlar bilen üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bu desganyň ägirt uly ähmiýeti barada maglumat berýär.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti iki ýylyň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden häzirki zaman awtomobil köprüsini hem-de oňa eltiji ýollary gurar. Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir.

Şu gün düýbi tutulýan köpri durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň bir bölegi bolar.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň hem-de söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, şeýle-de ol durnukly ösüş wezipelerini çözmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatynyň doly peýdalanylmagyna, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen bu taslama ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da gönüden-göni ýardam berer.

Wideofilme tomaşa edilenden soňra, ýaşajyk nesliň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdan täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna ak pata bermegini hem-de şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgysyny ýörite guta ýerleşdirýär. Soňra hormatly Prezidentimiz köpriniň düýbüniň tutuljak ýerine barýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli lybasly çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Olar täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak haýyşy bilen ýüzlenýärler.

Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär.

Ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobil köprüsiniň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenip ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýberýär hem-de desganyň binýadyna pil bilen beton erginini guýup, gurluşyga badalga berýär.

Döwlet Baştutanymyz çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryp, olar bilen ýadygärlik surata düşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soňra, hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlaýar we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow