Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.H. Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.H. Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
Çap edildi 26.08.2022
2773

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň  Prezidentiniň Daşary syýasat meseleleri  boýunça ýörite wekili  Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy  Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen  sylaglamak hakynda

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy awgusty.

Soňky habarlar
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
top-arrow