Baş sahypa
\
Resmi
\
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Karary
Resmi
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Karary
Çap edildi 15.09.2022
3370

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli karar edýärin:

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň aşakdaky sanawda görkezilen daşary ýurtly agzalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamaly:

1. Nassery Han Muhammet — Germaniýa Federatiw Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;

2. Çapar Ibrahim — Türkiýe Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;

3. Nur Han Abdul Eziz — Saud Arabystany Patyşalygyndan birleşigiň şahsy agzasy;

4. Kurban Ghulam Nabi — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;

5. Kurban Neiaz Şir Mohammad — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;

6. Amangözel Şagulyýewa — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany;

7. Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa — Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi;

8. Atajan Burunow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

9. Italmaz Saparlyýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

10. Nurýagdy Suwhanow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

11. Akmämmet Akmämmedow — Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary;

12. Baýramdurdy Taýharow — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň müdiri, professor;

13. Amangeldi Orazow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy;

14. Rejep Bazarow — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Hormatly il ýaşulusy;

15. Batyr Myradow — «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.

Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow