Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy
Çap edildi 19.09.2022
2847

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 30 million 215 müň manatlykdan gowrak bolan ýod erginini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 75 million manatlykdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow