Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Jemgyýet
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Çap edildi 20.10.2022
3060

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.

Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralan forum degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini bir ýere jemledi. Oňa sanly ulgam arkaly Kanadadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ugurdaş düzümleriň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar. Munuň özi halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde ak mermerli paýtagtymyzyň eýeleýän möhüm ornunyň ykrar edilýändiginiň, Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda ornuny pugta berkidýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyna ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň merjeni bolan Aşgabadyň barha täzelenýän keşbinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan abadançylyk derejesiniň depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy hem-de medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyzda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde täze binagärlik toplumlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar.

Ýurdumyzyň baş şäheri ýyl-ýyldan çäklerini giňeldip, gaýtalanmajak keşbi bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şol derejesi üçin köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Bu ýerde bina edilen desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi olaryň ýokary hil derejesiniň ykraryna öwrüldi.

Çykyş edenler Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmegiň wajypdygy barada aýdyp, şäher gurluşygynda tebigy binagärlik keşbiniň eýeleýän ornuny güýçlendirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin meýdança öwrüljekdigini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, bagy-bossanlyga büremek bilen bagly çäreleriň geçirilýändigi göz öňünde tutulyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” başlangyjyna ýardam berlendigi we bu ugurdaky goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gowşuryldy.

Bu babatda hünärmenler tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň mysaly hökmünde ýakynda geçirilen “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumyny hem-de “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergini görkezip bolar. Forumada onlaýn usulda çykyş edenler 2004-nji ýylda döredilen bu toruň sungat we ussatlyk, halk döredijiligi, dizaýn, kinematografiýa, iýmit önümleri, edebiýat, media we aýdym-saz ýaly ugurlaryň ýedisinde öz agzalarynyň döredijilik mümkinçiligini kesgitleýändigini bellediler.

Oňa gatnaşýan şäherleriň işi hyzmatdaşlyk etmäge, döredijilige we medeni işlere ýardam bermek maksady bilen, gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Daşary ýurtly dizaýnerler şular barada aýtmak bilen, häzirki duşuşygyň tejribe alyşmak, medeni durmuşda, şeýle-de ykdysady we durmuş taýdan ösüş meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory şäherleri durnukly ösdürmegiň, durmuş taýdan goşulyşmagyň hem-de medeniýetiň dünýädäki täsirini giňeltmeginiň hereketlendirijisi hökmünde döredijilige maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara derejede hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow