Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabry.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
D.Hojaýew hakynda
Hojaýew Dörtgulyny, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
S.A.Soltanmyradow hakynda
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
D.Ö.Güjikow hakynda
Güjikow Döwletmyrat Öwezowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ş.Ç.Nurbaýew hakynda
Şatgeldi Çäşemowiç Nurbaýewi Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
* * *
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hakynda Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, şeýle hem eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär.
* * *
Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna), Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmek, bilim we ýaşlar syýasaty babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny alyp barmak, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek hem-de “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Akmyradowiç Mämmedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Babadurdyýewiç Öwezow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.