Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Dizel ýangyjy we uçar kerosini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Ykdysadyýet
Dizel ýangyjy we uçar kerosini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Çap edildi 27.12.2022
3300

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna  Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri  “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem  owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa”  döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de ECO-93 awtoulag benzini Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.   

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri  35 million 560 müň manatlykdan  gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow