Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Köne Nusaý Galanyň açylmadyk syrlary
Çap edildi 31.12.2022
15296

Taryhçylar, medeniýet işgärleri we edebiýatşynaslar gadymy çeşmelerden hem golýazmalardan Parfiýa döwletiniň bolandygyny gowy bilipdirler. Eýsem-de bolsa, M.E.Massonyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toplanan hakyky subutnamalar we arheologik tapyndylar Parfiýa döwletiniň paýtagtynyň – Köne Nusaýyň binalarynyň nähili derejede ajaýypdygyny bütin dünýä görkezdi.

M.Masson sütünli zalyň, ybadathanalaryň we berkitmeleriň harabalyklaryny, arameý ýazuwynda parfiýa dilinde ýazylan resminamalary, parfiýalylaryň gündelik durmuşynyň, olaryň ellinist sungatynyň baý subutnamalarynyň üstüni açdy.

Bu gün Nusaý gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi hökmünde Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk kataloglarynyň we ýol görkezijileriniň ählisinde bar. Nusaýyň şa hazynasyndan bahasyna ýetip bolmajak ritonlar, mermer heýkeller, kümüş we daş önümleri Türkmenistanyň milli muzeýleriniň zallaryny bezeýär.

Bu şa eserleriň tapylan gadymy ybadathanalary we binalary köp ýyllaryň dowamynda arheologlaryň, syýahatçylaryň, gezendeleriň we hatda syýasatçylaryň-da barha artýan gyzyklanmasyny özüne çekýär. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Fransiýanyň şol wagtky prezidenti F. Mitterranyň, agyr hassalygyna garamazdan, Parfiýanyň gadymy paýtagtyny görmek üçin, ýörite Aşgabada gelendigi mälimdir.

Beýik Parfiýa imperiýasyny döreden Beýik Arsakyň nesilleriniň neberesiniň esasy şa mukaddesligi hökmünde 22 asyr mundan ozal ýüze çykan Köne Nusaý şäheri häzirki wagtda-da Türkmenistanyň merkezi syýahatçylyk ýerlerinden biri bolup durýar.

Köne Nusaýa gelen syýahatçylary aýratynam, Şa galasy, «Inedördül öý, «Inedördül zal» we «Tegelek ybadathana» özüne çekýär.

«Köne Nusaý» atlandyrylýan şa galasyna – belentlikde ýerleşýän aýratyn gala Mitridatkert diýlipdir. Ol Mitridat Patyşa tarapyndan esaslandyrylyp, Parfiýa şalarynyň jaýlanýan ýeri bolup hyzmat edipdir. Şäherçäniň meýdany 17 gektar.

«Inedördül öý» – şa hazynasy bolup hyzmat eden bina. Bu binanyň ini-boýy 60 metr bolup, onuň töwereginde 12 otag ýerleşipdir, binany gelip çykyşy boýunça ellinistik şekilli frizler – Geraklyň we arslan agzynyň şekilleri, şeýle hem arşaklylara mahsus bolan ýerli suratly okdan doly sagdaklar bezäpdir. «Öýdäki» tapyndylaryň iň meşhury – gündogarda aýal hudaý hasaplanýan Rodogunanyň heýkeli we köp sanly bezelen ritonlar Türkmenistanyň muzeýlerinde sergilenýär.

«Inedördül zal» – şa köşgüniň alynky otagy. Zalyň ölçegi 20 x 20 metr, ol iki metr çig kerpiç paýanyň üstünde gurlupdyr, diwarlaryň beýikligi 10 metr, galyňlygy bolsa üç metr. Dälizler ulgamynyň kömegi bilen zal diňe iki sany diň görnüşli desga bilen gatnaşykda bolup. Megerem, tutuş toplum ot ybadathana bolup hyzmat edendir.

«Tegelek ybadathana» – diametri 17 metr bolan tegelek gurluşdyr, içi iki gatly edilip gurlupdyr: birinji gaty tekiz ak örtük bilen örtülipdir, ikinji gaty kiçeňräk sütünler bölüp, olaryň arasynda palçykdan ýasalan heýkeller ýerleşdirilipdir.

Nusaýyň bu gadymy binalary, gör, ýene näçe syry özünde saklaýar? Olaryň ählisi-de açylmagyna garaşýar.

Şäheriň bu desgalarynyň hemmesi 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasynyň özenini emele getirýär.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow