Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» atly täze žurnalyň ilkinji sany
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» atly täze žurnalyň ilkinji sany
Çap edildi 02.02.2023
8459

«Arkadagly Ýaşlar» atly täze elektron žurnaly okyjylaryna gowuşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar «Arkadagly Ýaşlar» atly žurnaly elektron görnüşde okyjylara ýetirildi. Žurnalyň «www.turkmenmetbugat.gov.tm» web saýty arkaly guramanyň VIII Gurultaýynyň geçirilýän günlerinde paýlaşylmagy ýaşlara sowgat boldy.

Täze neşir «Arkadagdan Arkaly biz» atly giriş makalasy bilen başlanýar. Makalada hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň bagtyýarlygyny, Arkadag Serdarly döwletimizi dabaralandyrýan ýylda žurnalyň ilkinji sanynyň okyjylara gowuşmagy redaksiýanyň agzybir döredijilik işgärleri üçin belent mertebedir. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» atly şygrynyň ýerleşdirilmegi täze neşir şowly başlangyç boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň uly göwrümli makalasy hormatly Prezidentimiziň «Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine» aýratyn bil baglaýarys» diýen sözlerine salgylanma bilen başlanýar.

Makalalaryň ýene biri paýtagtymyzyň ýakynynda bina bolýan Arkadag şäherine bagyşlandy. «Arkadag şäheri ― baky bagtyýarlygyň mekany» diýlip atlandyrylan makalada ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin uly sowgatdygy aýratyn nygtalýar.

Täze neşiriň ilkinji sanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmenleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylýan gepleşiklere hem aýratyn orun berildi.

Neşir ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy gözleglerine hem sahypalaryndan orun bermegi meýilleşdirýär.

Şu günki ýaşlaryň geljegimiziň mynasyp eýeleri bolup ýetişmegi, ilkinji nobatda, olaryň könelerimizden gelýän edep-terbiýe mekdebinde taplanmagyna baglydyr. «Edepli ile ýarar» atly makalada hut şu meselä üns çekilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tarapyndan taýýarlanylan makalada çaganyň kemala gelmeginde ene-atanyň ornuna aýratyn üns çekilýär.

«Ähli mümkinçilikleriň dili» atly makala iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen ýaşlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýän bu dili bilmegiň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlar okyjylarda gyzyklanma döretse gerek.

Şeýle-de, täze neşirde döwrebap sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtyna, ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan makalalardyr söhbetdeşlikler öz ornuny tapypdyr. Okyjylar ýaşlaryň kanuny hukuklaryna, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýaş nesliň döredijilik ruhuny artdyrmakdaky ornuna bagyşlanan makalalardan hem gyzykly maglumatlary öwrenip bilerler. Ýaş türkmen şahyrlarynyň goşgularynyň asyl nusgasy bilen olaryň iňlis dilindäki terjimeleriniň bilelikde ýerleşdirilmegi hem täsirli bolupdyr.

Täze neşir eýýäm ilkinji sanyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň esasy aýratynlygy onda diňe bir türkmen dilindäki däl, eýsem rus we iňlis dillerindäki makalalaryň hem kabul ediljekligindedir.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow