Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň ýaşlary bagtly geljege ynamly gadam urýar
Jemgyýet
Türkmenistanyň ýaşlary bagtly geljege ynamly gadam urýar
Çap edildi 07.03.2023
4100

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ikinji sany okyjylara ýetirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni öz miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň ikinji sany okyjylara gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredildi.

Žurnalyň ilkinji makalasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-gün, umumadamzat bähbitli işlerine bagyşlanan kitaplara üns çekilýär. Makalada «Milli Lider» we «Dünýäde ykrar edilen Lider» atly kitaplar barada aýratyn söhbet açylýar.

Žurnalyň täze sanynda 26-njy martda geçiriljek saýlawlardan söhbet açýan makala okyjylara hödürlenilipdir. Täsirli makalalaryň ýene birnäçesi 18-nji fewralda bellenilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanypdyr.

Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi türkmen ýaşlary tarapyndan hem oňyn seslenmä eýe boldy. Makala «Türkmen atşynaslygy ― gadymy akademiýa» diýlip atlandyrylýar.

«Ynamyňyzy yhlas bilen haklarys!» diýlip atlandyrylýan makalada halypalara gol beren ýaşlyk bilen ýaşlara nusgalyk ýol bolan halypalyk mekdebiniň sazlaşygy yzarlanylýar.

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekiliniň «Gadymy dünýäniň gadymy kitaphanalary» atly makalasy hem täsirliligi bilen özüne çekýär.

«Şirin hem Perhadyň gezen ýerleri» atly makalada ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki taryhy ýadygärliklerden söhbet açylýar.

Žurnalyň redaksiýasyna Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşinden gelip gowşan makala salamlaşmak edebinden söz açýar. Milli aňymyza çuňňur aralaşan bu edep milli mekdebimiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Okyjylara «Geljegiň hünärleri» atly makalany hem okamagy maslahat berýäris. Awtor bu hünärleriň her biri barada gyzykly maglumatlary paýlaşypdyr. «Ýaşlarda hünär saýlamak başarnygy» atly makala hem ugurdaş mazmunda ýazylyp, ýaşlaryň öňündäki iň wajyp wezipe babatynda käbir maslahat bilen ýüzlenýär. Rus dilindäki makalada bolsa kitapsöýüjilere maslahat berilýär.

«Biz seniň dostlaryň, ajaýyp tebigat!» atly rus dilindäki makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, ekologiýany goramak meselesine bagyşlanýar.

Heniz orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan Daşoguzly bagşy oglanjyk hakyndaky, enelerimiz baradaky makalalaryň hem okyjylaryň ünsüni özünde eglejekdigine ynanýarys. Aýdymçy Bahar Annaýewa bilen guralan söhbetdeşlikde onuň sungat ýoly hakda gürrüň berilýär.

«Açyş etmäge synanyşdyňyzmy?» atly makalada awtor ýaşlara gozgalýan mesele babatynda käbir maslahat bilen ýüzlenýär. Şeýle hem žurnalyň ikinji sanynda ýaş şahyr Gurbanmyrat Meredowyň täze goşgularyny okap bilersiňiz.

Žurnalyň sahypaalarynda redaksiýanyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy ýerleşdirilipdir. Redaksiýa žurnalyň ilkinji sanynda yglan edilen «Ýaş waspçy» atly bäsleşigiň ýeňijisini hem okyjyalar bilen tanyşdyrýar.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow