Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 3-nji Dekabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 3-nji Dekabr
Çap edildi 03.12.2016
1764

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dürli markaly awtobenzini satyn aldylar. ABŞ-dan gelen işewürler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, nah ýüplük, mata, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Şotlandiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million manat töweregei bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 5 million manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we karbamidi satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow