Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn asyr” we “Balkan” toparlary AFK-nyň kubogy ugrunda bäsleşerler
Sport
“Altyn asyr” we “Balkan” toparlary AFK-nyň kubogy ugrunda bäsleşerler
Çap edildi 04.12.2016
2537

“Altyn asyr” we “Balkan” toparlarynyň futbolçylary 2017-nji ýylda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde toparlaýyn bäsleşiklere, “Balkan” topary bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orun alan topar hökmünde saýlama ýaryşlarynda bäsleşip başlarlar. Milli birinjiligiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda möhletinden öň çempionlyga eýe bolan “Altyn asyr” jemleýji, 36-njy tapgyrdaAşgabatda Daşogzuň “Turan” toparyndaniri hasap bilen – 10:2 hasabynda üstün çykdy. “Balkan” bolsa Maryda “Energetikdan” 1:3 hasabynda utuldy. Emma bu netije ýurdumyzyň gübatar sebitiniň futbolçylaryna kümüş medaly almaga päsgel berip bilmedi. Marynyň “Energetik” topary ilkinji gezek bürünç medala mynasyp boldy, maryly futbolçylar soňky ýyllarda has netijeli oýnap başladylar. Geçen möwsümde olar 9-njy orny eýelän bolsalar, bu möwsümde eýýäm öňdäki üçlüge girmegi başardylar. Myhmançylykda oýnap, “Köpetdagy” 3:2 hasabynda utmagy başaran “Ahal” topary dördünji orny eýeledi. Paýtagtymyzda “Aşgabat” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan “Merw” topary bäşinji orna mynasyp boldy. Iň köp pökgi geçiren türgenleriň arasyndaky bäsleşiklerde 30 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow öňe saýlandy, ol öz topardaşy Myrat Ýagşyýewden 7 pökgini artyk geçirdi.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow