Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Çap edildi 23.03.2023
2695

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň demokratik esasda, milli kanunçylyga we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegine ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň saýlawlara işjeň gatnaşmagy türkmen jemgyýetiniň hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.
GDA-nyň Baş sekretary mähirli kabul edilendigi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň netijeli işlemegine ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda saýlawlara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini belledi. Şunda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ugurdaş kanunçylyga, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi bellenildi. Şeýle-de myhman saýlawlaryň üstünlikli hem-de türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyndaky ähli möhüm wakalara mahsus ruhubelentlik, jebislik ýagdaýynda geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň assosirlenen agzasy hökmünde GDA-nyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Ýurdumyz milli we umumy bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinip, abraýly halkara düzüm hökmünde GDA-nyň ornunyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, obasenagat toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda, işewür düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleriniň çözülmegine Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly esasda gatnaşýandygy nygtaldy.
GDA-nyň çäklerinde parlamentler derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunda 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bu ugurdaky işjeň hyzmatdaşlyk däbini, şol sanda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.
Myhman ynanyşykly ýagdaýda geçen söhbetdeşlik üçin hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we umuman, Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde, onuň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagynda bitiren ägirt uly hyzmatyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew birek-birege jan saglyk, üstünlik arzuw edip, Arkalaşygyň çäklerinde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow