Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
Syýasy habarlar
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
Çap edildi 20.10.2026
29

Şu gün paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça halkara derejedäki forumlaryň we sergileriň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, düýn ýurdumyza Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa geldi. Şu gün bolsa paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň uçary gelip gondy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.

Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirildi.

Oguljahan Atabaýewa myhmany sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, meýilleşdirilen çäreleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Saida Mirziýoýewa mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň awtoulag kerweni “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde döwlet we halkara ähmiýetli tagallalar barha işjeňleşýär. Ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde iri möçberli ynsanperwerlik çäreleri yzygiderli guralýar.

Ýokary derejeli myhmanlary Aşgabatda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Oguljahan Atabaýewa doganlyk, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklara aýratyn gadyr goýýandygyny belledi. “Bizi umumy köklerimiz, ruhy we medeni gymmatlyklarymyz hem-de dillerimiziň umumylygy baglanyşdyrýar” diýip, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi. Şeýle hem ynsanperwer meselelere bolan çemeleşmeleriň ýakyndygy, ýurtlarymyzyň döwlet Baştutanlarynyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde pederlerimiziň asylly ýörelgeleri bilen häzirki zaman däpleriniň arasynda bir bitewi sazlaşygyň saklanýandygy bellenildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, sebitara hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerledýändigini, bu ugurda milli we ählumumy derejede zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda her ýylda iki gezek — güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilýändigini belläp, Oguljahan Atabaýewa bu çäräniň döwlet derejesinde guralmagy bilen, Diýarymyzda millionlarça bag nahallarynyň ekilendigini nygtady.

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek ýaly başlangyçlaryny we beýleki ekologiýa tekliplerini durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler yzygiderli dowam edýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlarynyň hemmesi Merkezi Aziýada durnukly howa ýagdaýynyň saklanmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy tagallalara mynasyp goşantdyr.

Haýyr-sahawat gaznasynyň derejesinde çagalaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, gaznanyň wise-prezidenti ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endigini ösdürmäge zerur üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Ene tebigat” halkara sungat sergisiniň diňe bir biziň medeniýetlerimiziň özara baýlaşmagyna mynasyp goşant bolman, eýsem, onuň jemgyýetçiligiň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ünsüni ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine çekjekdigine ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady.

Gaznanyň wise-prezidenti duşuşyga gatnaşýan ýokary derejeli myhmanlara durnukly ösüşe mynasyp goşant goşmak ugrunda edilýän tagallalar üçin ýene bir gezek sagbolsun aýtdy.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Leýla Aliýewa Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri we gaznanyň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy hem-de türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň çykyşlaryna tomaşa etmegi özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanda ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesillerde tebigata bolan söýgini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, belent mertebeli myhman bu ugurda tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny belläp, ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek, tebigata aýawly çemeleşmek babatda Türkmenistanyň dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýandygyny aýratyn nygtady.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, ilki bilen, bu ýerde mähirli kabul edilendigi we meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdy.

Saida Mirziýoýewa çykyşynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belledi. Munuň özi ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdynlygy we sazlaşykly ösüşi barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Saida Mirziýoýewa Türkmenistanda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine aýratyn üns berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň tebigaty goramakda, ýaşlarda zähmetsöýerlik endiklerini pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nygtady. “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny belläp, myhman bu gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň bilelikdäki awtoulag kerweni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna tarap ugrady.

Sebitiň ýurtlarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygy bilen bagly işlere degişli çäreleriň guralmagy doganlyk ýurtlaryň bu ugurdaky tagallalarynyň birikdirilmegini, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýän halkara çäre hökmünde kabul edilýär.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralýan “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä doganlyk ýurtlaryň wekiliýet toparlarynyň agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde ýaşajyk artistleriň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary halkara çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, şu günki çärä gatnaşýan myhmanlara bu ähmiýetli çärä gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Şu gün biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesi bolan «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň dabaraly açylyşyna gatnaşýarys” diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni dowam etdi.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen ähli ugurlar boýunça, hususan-da, medeni-ynsanperwer ugur boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ýurtlaryň halklary bilen bizi umumy taryhy kökler, ruhy we medeni gymmatlyklar baglanyşdyrýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde, milli gymmatlyklary özara baýlaşdyrmakda we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde ähmiýetlidigini belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti şu nukdaýnazardan, «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şeýle hem sungatyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrýan birleşdiriji köprüdigine üns çekildi. Sungat halkara dildir. Onuň çäkleri ýa-da serhetleri ýokdur. Ol dürli halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrýar, adamlaryň kalbynda gözellige bolan söýgini oýarýar we umumy ynsanperwer gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmäge ýardam berýär.

Halkara sungat sergisiniň esasy mowzugynyň tebigatdygyny belläp, Oguljahan Atabaýewa adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygyň durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidigini nygtady. “Tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesillere ýetirmek her bir adamyň hem-de tutuş jemgyýetiň möhüm wezipesidir. Bu babatda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologik abadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär” diýlip, çykyşda bellenildi.

Tebigatyň biziň umumy öýümizdigini, ýaşaýşymyzyň çeşmesi we geljegimiziň binýadydygyny aýdyp, gaznanyň wise-prezidenti adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ýagdaýynda durmuşda durnuklylygyň, abadançylygyň we ýaşaýşyň dowamlylygynyň üpjün edilýändigini aýtdy. Şol sazlaşygyň möhüm bölegi bolsa ekologiýa medeniýetidir.

Şeýle medeniýeti kemala getirmekde ýaş nesliň terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, Oguljahan Atabaýewa çagalaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmegiň, olarda daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmegiň we tebigy baýlyklaryň gadyryny bilmegi öwretmegiň geljegimize gönükdirilen möhüm maýa goýumdygyny nygtady. Şonuň üçin ýaş nesliň arasynda ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmak, olary tebigaty goramak işlerine işjeň çekmek we bu ugurda döredijilikli pikirlenmäge höweslendirmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygynyň we sazlaşykly ösüşiniň olaryň ýaşaýan gurşawy bilen berk baglanyşyklydygyna berk ynanýandygyny aýdyp, Oguljahan Atabaýewa arassa daşky gurşawyň, sagdyn ýaşaýyş şertleriniň we tebigat bilen sazlaşykly durmuşyň çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň möhüm şertleridigini nygtady. Şeýle hem çagalarda tebigata bolan söýginiň we hormatyň, ilkinji nobatda, maşgalada kemala gelýändigine, ata-eneleriň şahsy göreldesiniň, çagalar baglarynda we mekdeplerde berilýän terbiýäniň, şeýle hem jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýaş nesliň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyna uly täsir edýändigine üns çekildi.

Çagalaryň tebigaty synlamagy, onuň gözelligine düşünmegi, ösümliklere we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmegi öwrenmegi olaryň kalbynda ynsanperwerlik, jogapkärçilik we ýaşaýşa hormat ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

“Şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli Aşgabat şäherinde öz işini dowam etdirjek «Ene tebigat» halkara sungat sergisine gelip görmäge ähli watandaşlarymyzy we myhmanlarymyzy çagyrýarys” diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.

“Bu ýerdäki eserler bizi diňe bir sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşdyrman, eýsem, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologik meseleleriň çözgüdine döredijilikli çemeleşmek babatda hem täze garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam eder. Şu asylly maksatlara gönükdirilen halkara sungat sergisiniň işine üstünlik, ähli gatnaşyjylara bolsa döredijilik ylhamyny, täze üstünlikleri we ýatdan çykmajak täsirleri arzuw edýärin, goý, bu ajaýyp sergi size ruhy lezzet paýlasyn!” diýip, Oguljahan Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de hemmelere berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, maşgala abadançylygyny, şeýle hem alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip sözüni jemledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabatda «Ene tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Bu ýerde guralan halkara çärä gatnaşýan Leýla Aliýewa “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we bu ugurda täze başlangyçlaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa ýagdaýyny saklamak, çölleşmä garşy göreşmek we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Şeýle hem Leýla Aliýewa bilelikdäki tagallalaryň ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini pugtalandyrmaga, olaryň daşky gurşawa aýawly çemeleşmeklerine ýardam berjekdigine ynam bildirip, munuň döwrüň wajyp wezipeleriniň oňyn çözülmegi üçin ähmiýetlidigini nygtady. “Sergi bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýäde giňden wagyz edilmegine mümkinçilik döreder” diýip, myhman belledi we möhüm ähmiýetli çäreleriň guralmagyna döredilen şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň özara tejribe alyşmakda we birek-birege goldaw bermekde ygtybarly meýdança öwrülendigini belledi.

Soňra dabaraly ýagdaýda we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň toý bagy kesildi. Munuň özi ýurdumyzda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri hasaplanylýan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Sergide doganlyk ýurduň ussat suratkeşleriniň, dizaýnerleriniň saýlama eserleri görkezildi. Sungat eserlerinde tebigatyň gözelligi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de ählumumy ähmiýeti bolan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.

Giň möçberli halkara serginiň esasy mowzugynyň tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly meselelerden ybarat bolmagynda çuňňur many bar. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleriniň hatarynda durýar. Şunda bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmagy we bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegi döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli bolmagy ugrunda, olaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny artdyrmak babatda edilýän aladalar oňyn netije berýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde dowam etmegine zerur üns berilýär.

“Ene tebigat” halkara sungat sergisiniň çäklerinde türkmeniň “üme” däbiniň görkezilmegi bu ýerde guralan çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu däp agzybirligi we bilelikdäki tagallalary alamatlandyrýar.

Şol bir wagtyň özünde sergide türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, dürli lybaslar görkezildi. Munuň özi halkara sungat sergisiniň köptaraply häsiýete eýe bolandygynyň güwäsidir.

Giň möçberli sergi bilelikde işlemegiň, tejribe alyşmagyň hem-de özara baýlaşdyrylýan gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam berýär. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň eserlerine giň orun berildi.

Ýurdumyzda her ýylyň güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşlarda tebigata bolan söýgini pugtalandyrmakda hem-de daşky gurşawy goramakda ähmiýetlidir. Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak hem-de ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy taýdan ösdürilmegi bolsa özüniň oňyn netijesini berýär.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa Türkmen halysynyň milli muzeýine bardylar.

Bu ýerde muzeý işgärleri türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary we halylaryň reňkleriniň sazlaşygy barada gürrüň berdiler. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan türkmen halylarynyň owadanlygy, nepisligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň özi halkara çäreleriň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede taýýarlanandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem bu ýerde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Onuň çäklerinde milli lybaslaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň gelşiklilik we ýakymlylyk derejesine zerur üns berildi. Milli lybaslaryň özboluşly gözelligine, olaryň biçüw aýratynlyklaryna tomaşa eden myhmanlar bu pursatlaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalar bilen utgaşmagyna ýokary baha berdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ak mermerli Aşgabatda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäreleriň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtadylar.

Soňra paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewany uly hormat bilen ugratdy.

Ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanda häzirki döwrüň möhüm wezipesine bagyşlanan halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýene bir gezek çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we bu ýerden özleri bilen ýakymly ýatlamalary alyp gidýändiklerini nygtadylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow