Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Çap edildi 26.03.2023
1715

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Şu gün ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlykly gelindi. Hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde, şu gün ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan 76 müňe golaý ýaş saýlawça ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.

Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbidini goramak hukugy ugrunda watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik etdiler. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar.

Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, bu gezekki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.

Bu gezekki saýlawlara uly taýýarlyk işleri geçirildi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 12 müň 98-si hem-de syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň 258-si hasaba alyndy. Dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary işjeňliginde geçdi. Munuň özi ýerlerde talabalaýyk guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň netijesidir.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Aşgabat şäherinde 312, Ahal welaýatynda 365, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 536, Lebap welaýatynda 567, Mary welaýatynda 550 saýlaw uçastogy döredildi. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin 3 million 496 müň 304 saýlawçy bellige alyndy. Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 million 483 müň 397 saýlawçy, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 2 million 566 müň 82-si bellige alyndy.

Saýlaw çäreleriniň barşyna monitoringi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň bardygyny bellemek gerek. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew žurnalistler bilen gürrüňdeş bolup, ses bermegiň asudalykda, baýramçylyk ýagdaýynda hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde geçýändigini belledi. Günüň birinji ýarymynda ses bermegiň has işjeň ýagdaýa eýe bolandygy nygtaldy. Şeýlelikde, günüň birinji ýarymynda saýlawçylaryň 50 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,12 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 91,10 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bolsa 91,20 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Isleg bildirýän adamlar onlaýn arkaly merkezi saýlaw toparynyň internet saýtynda saýlawlaryň geçişine syn etmäge mümkinçilik aldylar. Şu gezekki saýlawlara dünýäniň köp ýurdunda uly gyzyklanma bildirildi. Merkezi saýlaw toparynyň internet sahypasyna köpçülikleýin girilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen, ses sanamak işi başlandy. Ýöne eýýäm häzirden türkmen halkynyň agzybirlikde nobatdaky gezek halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda ses berendigini ynam bilen aýtmak bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýanyň esaslary häzirki türkmen jemgyýetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň özenini düzýär.

Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow