Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan – Gazagystan: hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri
Ykdysadyýet
Türkmenistan – Gazagystan: hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri
Çap edildi 16.05.2023
2685

Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa sebit ýurtlaryna, şol sanda dostlukly we doganlyk Gazagystan Respublikasyna saparlar hem şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklaryň dowamynda döwlet Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklaryna we onuň geljegine garaýarlar, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Sebitiň bilermenleri Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan 30 ýylyň dowamynda gazanylan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, doganlyk halklaryň arasyndaky çuňňur medeni-ruhy umumylygyna esaslanýandygyny belleýärler. Duşuşyklarda iki ýurduň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek we iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak babatda ugruň üýtgewsizligini tassyklaýarlar, bu bolsa iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýär we sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň şerti bolup hyzmat edýär.

2017-nji ýylyň aprelinde gol çekilen ýurtlaryň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamada Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň esasy ugurlary bellenilendir.

Resminamada, mysal üçin, sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde jebis hyzmatdaşlygyň zerurdygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň möhümdigi ileri tutulýan wezipe hökmünde görkezilýär.

Gazagystan bilen Türkmenistan ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem halkara howpsuzlygyna howp salýan agressiýa hereketlerine garşy halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde BMG-nyň we onuň edaralarynyň ähmiýetini ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada birmeňzeş pikir edýärler. 

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň, söwda, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň hem ähmiýeti uludyr. «Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» ulag geçelgesiniň gurluşygy alnyp barylýar. «Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen»  üstaşyr demir ýol ýük daşalşyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr.

Döwletara gatnaşyklaryň binýady bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňelýär. Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Medeniýet günleri geçirilýär.

Soňky habarlar
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow