Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 10-njy Dekabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 10-njy Dekabr
Çap edildi 10.12.2016
1699

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gonkongdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi we aşgarlanmadyk matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 606 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine niderlandly işewürler 1 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 135 müň manatlykdan gowrak awtoulagy we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow