Baş sahypa
\
Resmi
\
Medeniýet hepdeligi - 2024 Arkadag şäherinde geçiriler
Resmi
Medeniýet hepdeligi - 2024 Arkadag şäherinde geçiriler
Çap edildi 28.06.2023
2731

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňdebaryjy täze tehnologiýalar ulanmak arkaly, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nazarda tutup, geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Şeýle hem resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň we Arkadag şäheriniň häkimliklerine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini hem-de olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow