Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 14.07.2023
1920

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlisiň dowamynda birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň işine baha berildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Geçirilen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji 6,2 göterim artdy.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Soňra wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp düzmegiň çäklerinde taýýarlanylan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň deslapky hasaplamalarynyň seljermesiniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýerine ýetirilen işleriň jemlerine laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Permanyň taslamasy hödürlenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, Döwlet hem-de ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň jemi 54 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 42 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa goýumlarynyň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri geçirildi.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Bellenilişi ýaly, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň, desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini seljermek dowam etdirilmelidir diýip belledi. Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmegi çaltlandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak, bu ugurda halkara tejribäni öwrenip, işleri netijeli guramak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň birinji ýarymynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň we köp dürli önümleriň öndürilişiniň ösüşi ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa toplumynda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberi, aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça durnukly görkezijiler üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwe we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň öndürilişi artdy. Alty aýyň jemleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy.

Şeýle hem halkara ülňüler esasynda statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada-da hasabat berildi.

“Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara standartlara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we bu babatdaky işler BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Diýarymyzyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlary hem tassyklady. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy. Umuman, alnan statistiki maglumatlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy 5,1 göterim, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy 13,8 göterim, ykdysadyýetiň düzümindäki şahsy adamlara berlen karzlaryň galyndysy 19,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 15 göterim, ipoteka karzlarynyň galyndysy 7,4 göterim artdy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan peýdasy 1,7 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmegiň, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, onuň netijeliligini artdyrmagyň, milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegiň, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň geçen alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň, amala aşyrylmaly gurluşyk desgalarynda işleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, 2024-nji ýylyň Döwlet býujetini oýlanyşykly we öz wagtynda düzmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak boýunça işleri hem guramaçylykly alyp barmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Alyp barýan syýasatymyzyň esasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz oňa laýyklykda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan netijeler barada aýdyldy. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 112,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 118,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 113,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň önümçiligini artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy. Maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna kuwwatlyklary artdyrmak üçin zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8 göterim boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça şu ýylyň alty aýynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,8 göterime, elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime, ony eksport etmegiň ösüş depgini 107,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan bahasy 1 milliard 220 million manada deň bolan önümler öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,3 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 123 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, H.Rejepmyradowy energetika ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine A.Saparowy belläp, ony energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz, işde goýberen kemçilikleri üçin, N.Nyýazlyýewi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, konserniň başlygy wezipesine Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegi, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda döwrüň talabyna laýyk gelýän senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň alty aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 103,1 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 120,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Arkadag şäherinde ulanmak üçin niýetlenen «Yutong ZK6128BEVG» kysymly elektrobuslar we «JAC E-J7» kysymly elektromobiller hem-de «KamAZ-6282» kysymly elektrobuslar we olara tok beriji enjamlar satyn alyndy. Mundan başga-da, häzirki wagta çenli ýurdumyza «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň hem-de «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslaryň 100-den gowragy getirildi.

“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 291,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe täze satyn alnan «Airbus A330-200 P2F» kysymly 2 sany ýük uçarynda ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň “ýaşyl” portlarynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde, «EcoPorts» güwänamasy alyndy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli «Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we ilata «Bir penjire» elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysyna tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,5 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 103,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň edaralarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 103,2 göterime we 108 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriniň ösüşi 101,3 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 114,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 146-sy geçirilip, şolarda 15 müň 957 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 9 sergi we 36 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiligi bolsa 109,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, B.Çaryýewi Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatowy belledi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol gullugyň başlygynyň orunbasary A.Sazakowyň üstüne ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilendigini, onuň dowamynda M.Gurdowyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze ýolbaşçysy hökmünde saýlanandygyny aýtdy. Şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde saýlawlar esasynda birleşmäniň täze ýolbaşçysy wezipesine N.Atagulyýew saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetleriniň çözgütlerini tassyklamak baradaky degişli resminamalara gol çekip, täze ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreler görülmelidir. Dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak maksady bilen, bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramak üçin degişli çäreler amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamamyzyň şanly senelerine, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler guraldy, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Koreýa Respublikasynda, Rumyniýada we Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda rus kinofilmleriniň we multfilmleriniň hepdeligi guraldy. Şeýle hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň welaýat, Aşgabat şäher tapgyrlary geçirildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly guraldy. 22 — 27-nji iýunda Aşgabat nobatdaky Medeniýet hepdeliginiň geçirilen ýerine öwrüldi. Onuň çäklerinde bolsa bagşylaryň festiwaly geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şeýle hem 24 — 28-nji iýunda paýtagtymyzyň TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanan Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligini kabul edendigi bellenildi.

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy. Şol gün täze döredilen “Arkadag” gazetiniň ilkinji sany neşir edilip, täze “Arkadag” teleýaýlymynyň gepleşikleri halk köpçüligine hödürlenip başlandy. 30-njy iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2024-nji ýylda Arkadag şäherinde geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, bu mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, olary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döwrebap we many-mazmunly täze filmleri surata düşürmegi hem-de halkara kinofestiwallara gatnaşmagy üçin zerur işleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere hem-de internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Milli bilim ulgamynyň düzümini we hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli resminamalar kabul edildi. Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň düýbi tutuldy. Orta mekdepleriň uçurymlaryna umumy orta bilim hakynda şahadatnamalar dabaraly gowşuryldy. 2-nji iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň 11 müňe golaýy dynç aldy. Ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi.

Ýanwar — iýun aýlarynda ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy, okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, maksatnamalaryň 1 müň 696-sy makullanyldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatlar, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly geçirildi. Ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Saglygy goraýyş ulgamy barada aýdylanda, bu babatda amaly lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak işi dowam etdirildi. Hasabat döwründe “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy. X türkmen-german forumy geçirildi, daşary ýurtly alym-lukmanlar bilen tejribe alşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Täze hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Ýurdumyzda ilaty zerur derman we beýleki serişdeler bilen elýeterli üpjün etmek maksady bilen, dermanhanalar ulgamy döredildi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde 111 altyn, 102 kümüş, 155 bürünç medal gazanyldy. Sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli bu ýerde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, türkmen wekilleriniň 537-si daşary ýurtlara iberildi we dünýä ýurtlaryndan 69 hünärmen döwletimize iş sapary bilen geldi. Şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport babatda halkara resminamalaryň 33-sine gol çekildi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, G.Agamyradowy Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory bolup işlän A.Saparow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine H.Nunnaýewi belläp, ony şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatdy we täze wezipede üstünlik arzuw etdi.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine S.Ataýew, ylmy işler boýunça prorektory wezipesine M.Piriýew bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere okuw mekdeplerine kabul etmek möwsümine berk gözegçilik etmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa we onuň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak tabşyryldy. Şeýle-de bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýşy bilen bagly meselä degip geçip, döwrebap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça sazlaşykly işleri geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň ylmy esaslaryny hem-de tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş bölümlerinden galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ý.Gurbanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Annaýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça işler utgaşykly dowam edýär.

Mejlisiň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine H.Aşyrmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, Balkan welaýatynyň häkimine işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla hasyly ýygnalan meýdanlarda ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, N.Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine S.Soltanmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, Daşoguz welaýatynyň häkimine işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek, ýerden bol hasyl almak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, galla kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleri dowam edýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylýar. Welaýatda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler utgaşykly dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, D.Annaberdiýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Mary welaýatynyň häkimi wezipesine B.Orazow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, Mary welaýatynyň häkimine işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, obasenagat toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, welaýatlarda oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,2 göterime barabar boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 107,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa, 102 göterime deň boldy. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda azyk önümleriniň önümçiliginiň görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň ösüş depgini 129,6 göterime, bakja önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 114,9 göterime, ýeralmanyň önümçiliginiň ösüş depgini 117,4 göterime, ir-iýmişleri öndürmegiň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 269,3 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler sebitlerde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini alyp barmak boýunça çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Gowaça ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak hem-de gowaçanyň zyýankeşleriniň, keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny öwrenmek we olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Altyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda döwlet syýasatyny has netijeli amala aşyrmagyň, azyk howpsuzlygy we beýleki önümçilik bilen bagly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu maksat bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada karara gelendigini aýtdy.

Oba hojalyk ministri wezipesine N.Nazarmyradow, daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bolsa häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän Ç.Babanyýazow bellenildi.

Mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti wezipelerine B.Rejepow bellenildi. Degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze bellenen ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine we obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk, usuly işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaýyň tohumyny ekmek we onuň ätiýaçlyk goruny döretmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň, ot-iýmlik ekinleriň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Türkmenistanyň sanitariýa we fitosanitariýa kadalaryny, karantin düzgünlerini halkara tejribeden ugur alyp kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli işe girizmek üçin işleri çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek, kärendeçilere we beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn ýardam bermek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. Geçen alty aýyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça düýpli maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 128,4 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde jemi 707 hojalyga niýetlenen 90 sany — “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 108 we 54 öýli, Büzmeýin etrabynda 14 sany 4 gatly, 32 öýli we 1 sany 4 gatly, 24 öýli, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 73 sany iki gatly ýaşaýyş jaýy hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli gulluklar bilen bilelikde paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek, arassaçylyk tertip-düzgünini saklamak, şäheriň ähli durmuş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň, ähli amatlyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de şäherde binalary we desgalary, şol sanda durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny göwnejaý saklamak üçin olara öz wagtynda tehniki taýdan hyzmat edip durmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine hem-de Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna we Türkiýe Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşalygynda saparlarda boldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary guraldy. Häzirki wagtda meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk boýunça degişli işler geçirilýär.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça birnäçe daşary ýurt wekiliýetleri Türkmenistana geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleri daşary ýurtlaryň birnäçesine ugradyldy. Dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 151 resminama bilen ýetirildi. Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň, beýleki degişli düzümleriň mejlisleri, işewürlik duşuşyklary, forumlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler guraldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, tebigaty goramak we ekologiýa diplomatiýamyzy nazara alyp, halkara guramalar bilen netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir. Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri guramak boýunça teklipleri berip, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen halkara çärelere düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Alty aýyň dowamynda milli parlamentiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, olaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 29-sy, Mejlisiň kararlarynyň 31-si kabul edildi. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda iş toparlarynda raýat hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksini, harby borçlulyk we harby gulluk, gidrometeorologiýa işi hakynda we başga-da birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň 51-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary hem-de hünärmenleri halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilen forumlaryň 48-sine gatnaşdylar, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-sini amala aşyrdylar. Şu döwürde “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ilata içeri we daşary syýasatyň maksatlaryny we wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça dürli çärelere, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli guralýan dabaralara, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işleriň alnyp barlandygyny belledi.

Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de energetika we suw howpsuzlygy, ekologik meseleler babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunda ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýarym ýylda «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheriniň açylandygyny, şeýlelikde, täze şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy ilat üçin oňaýly, howpsuz durmuşy üpjün eder.

Ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň aýdyň nyşanydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizi ösdürmek boýunça uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we merdana halkymyzy täze Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belläp, Arkadagly Serdarymyz senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny nygtady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatynyň kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmak dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarynyň, hemişe bolşy ýaly, örän ýokary derejede geçirilmelidigine, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramaçylyk toparyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyryp, bu işleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň erbet bolmandygyny aýtmak bilen, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy. Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi Awazada, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Surinam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
24.06
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
24.06
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
23.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
23.06
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär
22.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
top-arrow