Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Jidde şäherinde ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz Jidde şäherinde ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady
Çap edildi 19.07.2023
2093

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ilkinji nobatda biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys.

«Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz energetika pudagyna hem giň orun berýändigimize we biziň ýurtlarymyzda baý energiýa çeşmeleri, ýangyç-energetika serişdeleri we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalary bardygyna aýratyn üns çekdi.

«Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow