Baş sahypa
\
Resmi
\
«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 25.08.2023
1761

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan sungata höwesli zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş nesli çeper döredijiligiň rowaç menzillerine galkyndyrmak boýunça mähriban Watanymyzda ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew;

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow;

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa;

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Azadowiç Rozyýew;

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew.

Soňky habarlar
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
top-arrow