Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi
Ykdysadyýet
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi
Çap edildi 15.09.2023
3061

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

«Şunda biz bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

«Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň  esasy kadalaryny ekologiýa meselesiniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow