Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl jemi 37 milliard manatdan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy
Ykdysadyýet
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl jemi 37 milliard manatdan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy
Çap edildi 24.09.2023
2665

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerim bilen bina edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümlerimiziň möçberleri hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa, depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär.

«Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow