Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 24.09.2023
4359

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary belent hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň
«Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Sahyýewna Mämmedowany,

Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Jorakulyýewna Hemraýewany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Ýazmyradowna Berdiýewany.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Soňky habarlar
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
top-arrow