Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi
Ykdysadyýet
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi
Çap edildi 29.09.2023
2166

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wgatda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir we şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine çenlisini düzýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, strategik senagat – innowasiýa ösüş depgini maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow