Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halk Maslahatynyň Başlygy german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi
Ykdysadyýet
Halk Maslahatynyň Başlygy german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi
Çap edildi 29.09.2023
3099

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi, aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kä halatlarda gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda suw serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi.

«Bu çäreleri halkara guramalary hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip edýärin» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri olaryň hatarynda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslamany belläp geçdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow