Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen welosipedçileri esasy ýaryşlara taýýarlanýar
Sport
Türkmen welosipedçileri esasy ýaryşlara taýýarlanýar
Çap edildi 22.12.2016
2156

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welosiped meýdançasynda welosiped ýaryşlary boýunça geçirilen saýlama bäsleşiklerde milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlenildi. Ýygyndy topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşer. Ýaryşa Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan ussat welosipedçiler gatnaşdylar. Türgenler trek ýaryşlarynyň dört görnüşinde—200 metr aralyga ýaryşmak, sprint, dört kilometr aralykda yzarlamak arkaly ýaryşmak hem-de çykmak ugrunda ýaryşmak görnüşlerinde iň gowulary kesgitlediler. 200 metr aralyga ýaryşmakda maryly sport ussady Akmyrat Hojagulyýew has çalasyn bolup, bu aralygy 12,41 sekuntda geçmegi başardy. İkinji we üçünji orunlary Welosiped sporty boýunça milli tehniki merkeziň wekilleri-aşgabatlylar Röwşen Amangeldiýew (12,62 sek.) we Şatlyk Geldiýew (12,66 sek.) eýelediler. A.Hojagulyýew ýene-de bir üstünligi yzarlamak arkaly ýaryşda gazandy: maryly türgen dört kilometr aralygy 5 minut 11,04 sekuntda geçmegi başardy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Iner Jumaýew ondan 4 sekuntdan gowrak yza galdy. Ýeňijileriň üçlügini Ş.Geldiýew 5 minut 18, 08 sekunt wagt görkeziji bilen jemledi. Spinter ýaryşlarynda I.Jumaýewe pellehanada A.Hojagulyýewden öňe geçmek başartdy. Şunda ýeňijini kesgitlemek üçin bäsdeşlere wagty hasaba almazdan üç aýlaw geçmek mümkinçiligi berilýär. Üçünji we dördünji orunlary aşgabatlylar Hangeldi Kyýasow we Röwşen Amangeldiýew paýlaşdylar. Welosiped sportunyň iň gyzykly görnüşinde--wagtyndan öň çykmak ugrunda bäsleşikde ähli türgenler bir wagtda badalga çykýarlar. Her üçünji aýlaw aralyk pellehanasy bolup, onda iň soňky türgen bäsleşigi jemleýär. Şeýtmek bilen olar iki türgen galýança ýaryşýarlar hem-de ýeňijini kesgitleýärler. Şunda iň gowy tizligi Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Yhlas Öwezmyradow görkezdi. Ikinji orny R.Amangeldiýew eýeledi, bürünç medala bolsa A.Hojagulyýew mynasyp boldy. Şeýle hem ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar geçirildi. Geljekki ussatlar üç kilometr aralykda yzarlamak arkaly ýaryşda güýçlüleri kesgitlediler. Şunda Arazmuhammet Nurmedow (Daşoguz welaýaty) ýeňiş gazanyp, bu aralygy 3 minut 55,17 sekuntda geçmegi başardy. Welosiped sporty boýunça milli tehniki merkeziň wekili Döwlet Baýramow ondan 1 sekunda barabar wagt yza galdy. Üçünji bolup pellehana Ýokary sport ussatlygy mekdebinden Saýlaw Gylyjow (3 min. 57,0 sek.) geldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Russiýadan Albert Kolybiniň ýolbaşçylygynda köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýär. Dünýäniň sport giňişliginde tanalýan halypa eýýam birnäçe aý bäri türgenlerimizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlaýar. Daşary ýurtly tälimçiniň pikirine görä, türkmen türgenleri ussatlygyny ep-esli artdyrdylar. Tehniki we taktiki görkezijiler ýokarlandy, tizlik görkezijileri hem gowulandy. Iň esasysy bolsa geljegi uly ýaş türgenleriň köp bolmagydyr, olara uly sport geljegi garaşýar. İndi milli ýygyndy toparymyz Aziýanyň welosiped sporty boýunça ýaryşlarynyň ikisine-trek we şosse maksatnamalary boýunça ýaryşlara taýýarlyk görýär. İlkinji ýaryşlar geljek ýylyň 6-10-njy fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde, ikinjisi bolsa 24-nji fewral--3-nji mart aralygynda Bahreýnde geçiriler. Şol ýaryşlaryň netijeleri boýunça Aziada-2017-ä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň toparynyň gutarnykly düzümi kesgitlener.

Soňky habarlar
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow