Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň ýurtlaryna energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň ýurtlaryna energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi
Çap edildi 03.11.2023
3030

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitindäki çykyşynda TDG-niň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan baý nebit-gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara we sebitiň ýurtlaryna iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mysal hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýändigini aýtdy.

«Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrarys diýip berk ynanýaryn» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Elektrik energetikasy barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz bu gün Türkmenistanyň goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýändigini we geljekde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana we Türkiýä hem iberip biljekdigini aýtdy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulandygyny aýratyn belledi.

«Umuman, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňky habarlar
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
29.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.08
Beýik geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ynamly gadamlary
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
top-arrow