Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen hokkeýçileri gyşky Aziada taýýarlanýarlar
Sport
Türkmen hokkeýçileri gyşky Aziada taýýarlanýarlar
Çap edildi 03.01.2017
2558

Hokkeý boýunça milli ýygyndy toparymyz Minskide (Belarus) “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanyp geldi. Şeýle hem buz üstünde oýnamak boýunça biziň ussatlarymyz ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň ikisini geçirip, olardan ynamly ýeňiş gazandylar. Häirki ýygnanyşyklar türkmenistanlylar üçin indiki aýda Sapporo şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek VIII Aziýa gyşky oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şol ýaryşlarda biziň hokkeýçilerimiz ilkiji gezek çykyş ederler. Meşhur halkara tälimçileriň ýolbaşçylygynda geçen okuw-türgenleşiginiň barşynda hüjüm we gorag ugurlarynda hereket etmegiň usullarynyň üstünde işlemäge aýratyn uly üns berildi. Öwrenilen emeller Belarusyň höwesjeň toparlary bilen geçirilen oýunlaryň barşynda barlanyp görüldi. Birinji duşuşykda türkmenistanlylara “Soýuz” toparynyň hokkeýçileri garşy durdylar. Olar biziň derwezeçimiziň toruna bary-ýogy bir hokkeý pökgüsini geçirmegi başardylar, emma öz derwezelerine 18 pökgi göýberdiler. Ikinji duşuşykda milli ýygyndy toparymyzyň garşydaşy “Aýs Soft” topary boldy. Bu oýunda hem türkmen türgenleri 17:3 hasaby bilen üstün çykdylar. Tälimçileriň pikirine görä, öňde boljak gyşky Aziadanyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň geçiren ýygnanyşyklary netijeli boldy. Üçünji ýanwarda Aşgabatda hokkeý boýunça Içeri işler ministrliginiň Kubogyny almak ugrunda ýaryşa badalga berildi. Oňa iki toparça bölünen toparlaryň ýedisi gatnaşýar. Paýtagtymyzyň toparlarynyň dördüsinden düzülen ýygyndy toparymyzyň agzalary üçin bu ýaryşlar hem sport ussatlygyny artdyrmak babatda oňat tejribe bolup hyzmat eder. Aşgabatdaky ýaryş dokuzynjy ýanwara çenli dowam eder. Ýaponiýadaky Oýunlardan soň türkmenistanlylar ýene-de bir jogapkärli ýaryşlara – aprelde Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görmeli bolar. Türgenlerimiz birinji dwizionda çykyş eder. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda türkmenistanlylaryň garşydaşlarynyň Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň we Makaonyň toparlarynyň boljakdygy eýýämden bellidir.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow