Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Çap edildi 15.04.2024
1563

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berýäris. Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň, dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hökmünde görýäris.

Hormatly ýaryşa gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» öňümizde täze wezipeleri goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty maksatnamalaýyn ösdürmek boýunça özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň, dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan, sebitimiziň iň döwrebap sport desgalar toplumy bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň binýadynda halkara sport guramalary bilen özara hyzmatdaşlykda birnäçe halkara sport ýaryşlary geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Biz ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini, hususan-da, hokkeýi ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport desgalarynyň döwrebap ulgamy hereket edýär, hokkeý boýunça milli çempionatymyz yzygiderli geçirilýär, hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Bu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň hokkeý görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň sport baýramçylygy ruhunda giňden geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlarymyzyň türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşjakdyklaryna, olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakyndaky ýakymly duýgularyň saklanyp galjakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, sportda hem-de durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp sport baýramçylygy dostlugy, sagdynlygy we ruhubelentligi dünýä ýaýsyn!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow