Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
Jemgyýet
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
Çap edildi 25.04.2024
868

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, behişdi bedewler umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohum atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ýeri bolan gadymy Ahal topragyna uly orun degişlidir. Ýelden ýüwrük, ajaýyp häsiýetli bedewler baradaky maglumatlar gadymy döwürlerde Hytaýda, Gresiýada we Rimde, Gomer, Ptolomeý, Strabon, Appian, Ksenofont, Gerodot ýaly irki antik döwrüň şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, alymlarynyň eserlerinde duş gelýär.

Halkymyz diňe bir seçgiçilik sungatynyň ýokary nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, ajaýyp atlaryň täze ugurlaryny döretmek arkaly, onuň genofondyny kämilleşdirip, bu tohumyň arassa ganlylygyny hem gorap saklamagy başarypdyr. Bu günki gün ýelden ýyndam atlary ösdürip ýetişdirmek we seýislemek sungatynyň baý tejribesi uly gyzyklanma eýe bolýar. Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeklerinde ahalteke bedewlerimize aýratyn gadyr goýulýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tohum atlaryň baş sanynyň has-da artdyrylmagy, ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzünde wagyz edilmegi boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň netijesidir.

Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän milli atşynaslarymyz behişdi bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan, ady rowaýata öwrülen naýbaşy atlaryň baş sanyny artdyrmak babatda uly işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Olarda ahalteke bedewleriniň nesil ugruny dowam etdirmek üçin hemme zerur şertler döredilendir. Däp bolan at üstündäki milli oýunlar we atly sport görnüşleri, şol sanda konkur sporty ösdürilýär. Atly sportuň bu görnüşi türkmen tarapynyň teklibi esasynda Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi.

Çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen milli atçylyk sungatymyz ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp derejä eýe boldy. Milli Liderimiz behişdi bedewlere bagyşlap, «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserleri döretdi. Birnäçe dillere terjime edilen, bütin dünýäde ahalteke atlaryna gyzyklanmany artdyrmakda ähmiýetli orny bolan bu kitaplar bahasyz gymmatlyga öwrüldi.

2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli döwletleriň atçylyk düzümleriniň hünär hyzmatdaşlygy üçin abraýly meýdança boldy. Bu assosiasiýanyň alyp barýan işleri adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ahalteke bedewleriniň ähmiýetine ünsi çekmäge şert döredýär. Häzirki döwürde biz ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň täzeden belende göterilýän zamanasynda ýaşaýarys. Halkymyzyň uçar ganaty, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygy bolan bedewler ähli döwürlerde-de aýratyn buýsanç hem-de ylham çeşmesi bolupdyr we şeýle bolmagynda-da galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uçar ganatymyz bolan bedewler okgunly ösýän Türkmenistanyň baş nyşanyna öwrülip, döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy dabaralandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu maslahatyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmakda, daşary ýurtly kärdeşler, ýagny atçylyk assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalar, şol sanda hususy atçylyk zawodlary bilen tejribe alyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr.

Halkara maslahata gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.06
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
14.06
Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär
14.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
13.06
Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady
13.06
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
12.06
Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow