Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabat ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar
Jemgyýet
Aşgabat ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar
Çap edildi 04.07.2024
2517

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýandygyny we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu pikir Sammitiň mowzugyna doly laýyk gelýändigini we biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işiň başlanmagy üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýandygymyzy belledi.

«Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny berýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini belledi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow