Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 09.07.2024
2551

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Mejlisde Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda we demokratik ýörelgeler esasynda üç saýlaw okrugynda geçen saýlawlarda bir deputatyň ornuna üç dalaşgär bellige alyndy. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýagdaýynda geçirilendigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri boýunça teswirnamalaryna laýyklykda, milli parlamentiň üç deputaty saýlanyldy. Şeýle hem Mejlisiň dowamynda saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik eden milli synçylaryň netijeli işleri bellenildi. Saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, hiç hili düzgün bozulmasyz geçendigi tassyklanyldy. Saýlaw uçastoklarynyň döwrebap aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara maglumatlaryň öz wagtynda iberilendigi nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçendigini bellediler. Şeýlelikde, milli parlamentiň täze saýlanan deputatlarynyň öňünde döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak ýaly möhüm wezipe durýar. Bu bolsa olaryň ildeşlerimiziň bildiren ýokary ynamyny anyk işler bilen ödemelidigini görkezýär.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
28.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow