Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
Çap edildi 20.07.2024
4133

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda kabul eden 1-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli.

4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 20-nji iýuly.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow