Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 01.09.2024
2420

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli Goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän gullukçylaryň ýaş harby neslini terbiýeläp ýetişdirmek bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow