Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry
Teswirlemeler
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry
Çap edildi 12.09.2024
499

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Döwlet hem halkara ähmiýetli ýollaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurulmagy babatda-da netijeli işler alnyp barylýar. Çünki döwletimiziň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşi netijeli hereket edýän ulag düzümi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýollaryň giň gerimli gurluşygy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň döredilmegine, welaýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň amatly bolmagyna, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr awtoulag akymlarynyň artmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda howa ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň bolan Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.

Milli awiasiýa parkynyň üsti “Boeing” we “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Gysga döwrüň içinde “Boeing” kompaniýasynyň dürli kysymly howa gämileriniň birnäçesi we “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany täze ýük uçary satyn alyndy. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnawlarynyň çäklerini giňeltmäge şert döretdi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak, tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýük daşamakda esasy orny eýeleýär. Onuň bu möhüm ähmiýetini göz öňünde tutup, demir ýol düzümleriniň işini kämilleşdirmek, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Ulagyň bu görnüşini ösdürmegiň strategiýasy dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmäge, olaryň howpsuzlygyny, işgärler üçin talabalaýyk iş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň goňşy döwletleriň demir ýol ulgamlaryna birikdirilmegi üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge şert döretdi. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany açdy. Munuň özi özara bähbitli döwletara, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm wakadyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ugurdaş düzümler toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar hem-de bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde demir ýol köprüsiniň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurda nobatdaky ädimdir. Bu desga türkmen hünärmenleri tarapyndan ýokary halkara ülňülere laýyklykda guruldy. Köpriniň gurluşygynda öňdebaryjy konstruktorçylyk we tehnologik çözgütlerden peýdalanyldy. Munuň özi iki dostlukly ýurduň ykdysadyýeti, tutuşlygyna sebitiň ulag düzüminiň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Beýleki Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistan hem halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde milli deňiz flotunyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmalary boýunça döwrebap tankerler, täjirçilik maksatly gämiler guruldy hem-de ulanmaga berildi. Olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyklygy, innowasion enjamlary deňiz ulagy boýunça ýük daşamalaryň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Gämi gurluşygyny ösdürmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Portuň döwrebap infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki wagtdaky islegleri däl, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Deňiz portunyň doly kuwwata çykarylmagy Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we onuň Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi hökmünde eýeleýän ähmiýetini has-da artdyrar.

Geçen ýylyň tomsunda ÝHHG-niň «Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamasy Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmagy ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu güwänama ýurdumyzyň deňiz portuna Ýewropanyň ulag ulgamyna uýgunlaşan “ýaşyl” port derejesini berdi.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara hyzmatdaşlygyň çäginde öz kuwwatyny barha giňeldýär. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu zawodda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan, halkara ölçeglere doly laýyk gelýän iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi. Täze ýük gämileriniň gurluşyklarynyň badalga almagy Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmekde we onuň deňiz arkaly daşamalaryň halkara bazaryndaky ornuny berkitmekde möhüm tapgyrdyr. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleri öz gämilerimizde daşamaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan sanlylaşdyrmak, serhetüsti daşamalarda gümrük işini kämilleşdirmek, ulag akymlaryny çaltlandyrýan häzirki zaman ulgamlaryny we gurallary ornaşdyrmak bilen, ulag ulgamynyň dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýar. Ýurdumyzda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamy ornaşdyrylyp, Döwlet gümrük gullugy onuň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýär. Daşary ykdysady işi amala aşyrýanlar üçin ulgama elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, www.tradebridge.gov.tm salgyly bitewi döwlet maglumat web portaly işe girizildi. Bu ulgam eksport-import amallaryny düzgünleşdirmek boýunça ähli talaplary öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen, gümrük çäginden geçýän ýükler ýa-da bir nokada barýan ulag serişdeleri barada zerur maglumatlary dessin almaga mümkinçilik berýär. Bu portal işlenip taýýarlanylanda we döredilende BMG-niň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň maslahatlarydyr standartlary göz öňünde tutuldy.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly, birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek-de onuň esasy wezipeleriniň biridir.

“Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köpşahaly toruny emele getirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen birnäçe Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnama hem bar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar yzygiderli guralýar.

Halkara hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan, ulag ulgamynyň maksatlarynyň we wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň jemleri hem şaýatlyk edýär. Prezident Masud Pezeşkian bilen geçirilen gepleşiklerde awtomobil, demir ýol, deňiz ulagy, turba geçirijiler babatda anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamalary durmuşa geçirmek sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Gepleşikleriň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran ýük daşamalaryň möçberini artdyrmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlemek bilen, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Taraplar ulgamyň düzümlerini doly güýjünde herekete getirmäge, hususan-da, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini bilelikde netijeli ulanmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Goňşy ýurduň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu ugurda gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli uzynlygy 242 kilometr bolan awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi we eýran kompaniýalaryna bu taslama gatnaşmak teklip edildi. Şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bu awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Milli Liderimiz demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçirilýän harytlaryň möçberini artdyrmagy teklip etdi we ýurdumyzyň bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunda ýük daşalyşyny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça awtomobil ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy üçtaraplaýyn esasda işlemek başlangyjyny öňe sürdi hem-de bu işe üç ýurduň kompaniýalaryny çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi deňiz ulagy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm binýady emele getirýär.

Gepleşiklerde türkmen tarapynyň Eýrana iberýän tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirýändigi bilen baglylykda, gaz geçiriji düzümleri döwrebaplaşdyrmak, täze desgalary gurmak we maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň çäginde iki sany gaz gysyjy desgany, 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu gaz geçiriji taslamalar ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugruny öňe sürdi.

Umuman, ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmegi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
10.10
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
09.10
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
09.10
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
09.10
Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
top-arrow